Brilliant tutular salony tutularyň islendik görnüşini ýasamak boýunça ýöriteleşen salondyr. Biziň kompaniýamyz işläp gelýän uzak döwrüniň dowamynda (ol 1999-njy ýylyň 1-nji noýabrynda döredildi) öz işinde ýokary hil derejä çykdy. Tutularyň her bir toplumy gaýtalanmaýan häsiýete eýedir. Olar awtorlyk işleri bolup, tutularyň hersini döretmek üçin biziň kalbymyzyň yhlasy siňdirilendir.

Tuty – öýüň içki bölegi bolup, ol onuň stil taýdan görküne görk goşýar. Tutular öýüň içinde belli bir oňyn ýagdaýy döredýärler. Şu günki günde biz Size tutulary taýýarlamak üçin dürli reňkli, durkly matalary, şeýle hem taýýar nusgalary hödürläp bileris.

Öýüň içinde owadan keşbi döretmek üçin onuň stiliniň tutular bilen sazlaşygy zerur. Dokma önümleri ýaşaýyş otaglarynda olar bilen niýetlenişine, bezeg stiline görä utgaşykly bolmalydyr we umumy sazlaşygy emele getirmelidir. Şonuň üçin äpişgeleriň owadan keşbe getirilmegi babatda öz islegleriňizi hakykata öwürmek maksady bilen bize sargyt etmeziňizden ozal bezeg boýunça salonymyzyň hünärmenleri bilen maslahatlaşmagy teklip edýäris.

Biziň hünärmenlerimiz sargytçylaryň islendik islegleriniň we öýleriň dürli häsiýetleriniň göz öňünde tutulmagynda tutularyň bezeglerini işläp taýýarlaýarlar. Her bir müşderi bilen dizaýner hususy tertipde işleşýär. Tutularyň kompýuter nusgasyny işläp taýýarlamak, hut siziň öýňüziň bezegine laýyk aksessuarlary, karnizleri saýlap almak üçin dizaýner bezelmeli öýe baryp görýär. Biziň tejribeli işgärlerimiz saýlanyp alnan nusgalary dikmegiň ýokary hilli bolmagyny kepillendirýärler. Mundan başga-da, biziň salonymyz karnizleri saýlap almak, olary oturtmak we tutulary asmak boýunça hyzmatlar toplymyny tutuşlygyna ýerine ýetirer. Hünärmenlerimiz taýýar önümi özleri elterler, asyşdyrarlar we bezegçiniň gözegçiliginde sünnäläp olar dakarlar. Size diňe döredilen täze bezegi synlap guwanmak we öýe myhmanlary çagyraýmak galar.

Häzirki zaman tutular öýi diňe bir daşky dünýäniň täsirinden goramak üçin gerekli bolmak bilen çäklenýän däldir, olar, hakykatynda, öý bezeginiň garaşsyz, özboluşly bölegine öwrüldiler. Bezeg boýunça hünärmen ussa islendik giňişligi kabul edilmegi islenilişi ýaly keşbe getirip biler. Brilliant tutular salonynyň bezegçileri iş otagynyň işewür hyzmatdaşlygy nygtaýan bezeg keşbini, öýde mähirdir amatlylyga ýygrulan ýagdaýy dörederler, restoranyň baýramçylyk we dabaraly görnüşde bolmagynyň hötdesinden gelerler. Tutulyk üçin dogry saýlanyp alnan matalar, reňk sazlaşygy, hususan-da, tutulary bezegi öýüň umumy stil aýratynlygyny nygtap, onuň görküniň sazlaşykly bolmagyny üpjün eder. Islendik jaýdyr öýde bezegiň esasy bölegi hökmünde äpişgäniň bezegli keşbi uly ähmiýete eýe bolýar. Aşhana bolsun, myhmanhana otagy ýa-da ofis – dokma önümlerinden taýýarlanan bezegli bolmasa, olaryň görki-de ýokdur, umumy keşbi-de ýetmez ýaly bolup durýandyr. Öýde asuda, amatly ýagdaýy döretmek, ýürekgysgynç ofisi owadan bezelen iş ýerine öwürmek üçin biziň salonymyza tarap ýollanaýmak ýeterlikdir.

Brilliant tutular salonynyň hünärmenleri siziň öýüňiz has amatly, görkli bolar ýaly onuň içki bezegine laýyk gelýän tutulary saýlap almaga höwes bilen kömek ederler. Brilliant tutular salony ýaşaýyş otaglary, şäher etegindäki jaýlar, ofis jaýlary, şeýle hem dolandyryş maksatly otaglar, restoranlar, teatrlar, myhmanhanalar üçin tutularyň islendik görnüşiniň bezegi we olary dikmek bilen meşgullanýar. Biziň gözüňe ýakymly, kaşaň bezelen tutularymyz uzak wagtlap mizemän durkuny saklar, olar ulanmak babatda diýseň amatly, hil babatda ýokary derejeli bolup, hut siziň üçin ýörite taýýarlanan önümlerdir. Gaýtalanmaýan bezegli tutularymyzy saýlap alsaňyz, siziň äpişgeleriňiz özboluşly keşbe geler, şeýle keşpli gözelligiň sizi hem, siziň dost-ýarlaryňyzy, goňşularyňyzy hem uzak wagtlap begendirip durjakdygyna kepil geçýäris.
Biziň salgymyz