Biziň eden işlerimiziň az bölegi
 
perde TUTULARy

Perde tutulary – mata materiallaryndan bolan, durmuşy funksional-bezeg äpişge öňleriniň perdeleriniň umumy ady. Tuty – gapdala syrylýan ýa-da ýokary galdyrylýan äpişge öňüniň perdesi. Onuň düzüminde lambreken bolup biler. Lambreken – mata çekilip edilýän bezeg bolup, ol portýerleriň ýa-da ýumşak gardinleriň öň tarapynda ýerleşýär hem-de äpişge bezegine gutarnykly jemlenen görk berýär.
zebra

­­­­

Zebra gurluşy iki gatdan ybarat bolup ýagty geçirmeýän we ýagty geçirýän kese çyzyklar gezeklenýär. Gatlary süşürmek bilen otaga düşýän ýagtylygy öz isleginize görä saýlap bilersiňiz. Eger ýagty geçirmeýän gat ýagty geçirýän gaty doly derejede ýapsa, otagyn içi garanky bolýar. Egerde ýagty geçirýän çyzyklar gabat gelse, onda otagyn içi ýagty bolýar. Şeýle hem ýeňil mehanizmy rulona towlap aýnany doly açyp bolýar. Dizaýn ugrundan Zebra tutulary ýönekeý žalýuziden has hem amatly bolýar
Roll tutular 
Rulon (dolanýan) şekilli tutular ykjam, ulanmaga amatly we aýratynlykda-da, adaty tutular bilen utgaşyklykda-da gelşikli bolýar. Rulon (dolanýan) şekilli tutular otaga düşýän ýagtylyk akymyny netijeli sazlamaga mümkinçilik berýär we teklip edilýän nagyşlaryny, reňkleriniň we mata durklarynyň köpdürliliginiň hasabyna islendik öý bezeginiň görküne görk goşýar.
ÖRTGILER  

­­­­

Galyň örtgi – amatlylyk bilen utgaşýan ajaýyp kämillik. Ýorgan-düşek – islendik ýatylýan otagyň esasy elementi, onuň üstüniň örtügi bolsa bütin kompozisiýany kesgitleýji gelşigidir. Ýatylýan otaglaryň örtgileri taýýarlananda tutular üçin hem ulanylýan matalardan peýdalanmak maksada laýyk bolýar. Eger tutular we örtgiler meňzeş stilde taýýarlanan bolsa, onda olar sazlaşykly toplumy emele getirer.