BRILLIANT TUTULAR­­ salony

Tutular dünýäsine hoş geldiňiz!

Äpişgeler – siziň öýňüziň “kalbynyň aýnasy”. Äpişgeleri bezemek bilen, biz, ilkinji nobatda, öz durmuşymyzy bezeýändiris!...

Покрывала 

Roll tutular

Zebra

 
  Öýüň içini bezegçiler belli bir bezeg elementleriniň kömegi bilen otaga aýratyn, gaýtalanmaýan stil bermegi bilýändirler. Otagyň iç keşbinde her bir zat belli bir hyzmat we bezeg ähmiýetli bolýar. Olaryň iň möhümi-de tuty bolup durýar, ol otagda amatly ýagdaýy döredýär we gös-göni gün şöhleleriniň oňa düşmeginden goraýar.
  Otaglaryň mata bilen bezelmegi boýunça ýöriteleşen biziň salonymyz tutulary ýasamak, äpişge we gapy ýerliklerini bezäp rejelemek boýunça hyzmatlaryň doly toplumyny size hödürleýär. Biz size banket zalyny kaşaňdan dabaraly, ofisi – işe höweslendirýän, öýi bolsa, - hakykatdan hem amatly we ýakymly keşbe getirmäge kömek ederis. Müşderiniň gözi bilen görüp, baha bermegi her kişi başarmaýar, ýöne biziň üçin welin, muny başarmak – işimiziň esasy şertleriniň biri bolup durýar.
   Ýaşap oturan jaýyňyzyň abatlaýyşyny tamamlap barýarsyňyzmy ýa-da onuň içki keşbini özgerdesiňiz gelýärmi? Biziň saýtymyzy açyp görseňiz, siz dogry ýol saýladygyňyz bolar. Matalaryň, dürli tutularyň we olar üçin goşmaça gerekli zatlaryň nähilisini diýseňiz saýlap bilersiňiz. Olar siziň islendik hyýaly arzuwlaryňyzy amala aşyrmaga we özüňiz üçin ýaramly görnüşi saýlap almaga mümkinçilik berer. Tutulary saýlap almak – öýüň içki bezeginiň ahyrky tapgyrydyr, şonuň üçin ol bezegi bozmazlyga çalyşmak örän möhümdir. Tutular – öý eýeleriniň gowy görýän zatlaryny we ýaşaýyş stilini şöhlelendirýärler. Şonuň üçin olary saýlap almak meselesine örän içgin çemeleşmek gerek. Has gowusy, öz işiniň ussatlaryna – hünärmenlere ýüz tutmaly.
Size Brilliant tutular salonymyzda garaşýarys! Siziň tamaňyzy ödäris diýip umyt edýäris!

HÜNÄRMENLERI ÇAGYRMAK

Üns beriň!
Hünärmenlerimizi öýüňize çagyrmak üçin şu telefon belgilere jaň edip bilersiňis:
  • 42-22-27 
  • 71-02-16
Ýa da biziň Android priloženiýamyzy peýdalanyp bilersiňiz
Biziň salgymyz